I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 58-nji madda; 2011 ý., № 4, 78-nji madda; 2012 ý., № 1, 44-nji madda, № 4,
113-nji madda; 2014 ý., № 2, 80-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2015 ý.,
№ 2, 64-nji madda; 2016 ý., № 1,
67-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda,
№ 3, 110-njy madda) 44-nji maddasyna şu mazmunly bölegi goşmaly:
«5. Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda gullugy geçýän ýa-da geçen we ýörite ady bolan raýat harby gulluga kabul edilen wagty oňa harby at hünär synagy toparynyň netijesi esasynda onda bolan ýörite ady göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Goranmak ministri (kanun boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary) tarapyndan dakylýar. Şunda onuň ýörite adynda gullugy geçen döwri gulluk ýyllaryny hasaplamak, nobatdaky harby ady dakmak we döwlet sylaglary bilen sylaglamak üçin harby gulluk ýyllaryna goşulýar.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 9-njy iýuny.